logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /4 müň ýyl ozal ýitip giden mamontlaryň DNK-syndan köfte ýasaldy
  06.04.2023
1416
4 müň ýyl ozal ýitip giden mamontlaryň DNK-syndan köfte ýasaldy

4 müň ýyl mundan ozal ýitip giden mamontlaryň eti bilen ýasalan tagamy dadyp görmek mümkin däl ýaly bolup biler. Ýöne bu mümkin boldy.

Awstraliýaly «Vow» atly bir kompaniýa mamont DNK-syny ulanyp adaty bolmadyk tagamy taýýarlady. Ýagny 4 müň ýyl mundan ozal ýitip giden mamont etinden köfte taýýarlanyldy. Bu hemmäni haýran galdyrdy. Alymlar muny klimat krizisinde durnukly bolmadyk adaty et çeşmelerinden daşlaşmaga kömek eder diýip umyt edýärler.

«Vow» kompaniýasy köftäni ýasamak üçin mamontyň myşsa belogyndan alnan DNK-dan peýdalandy. Synaglar birnäçe hepde dowam etdi. Ahyrsoňy köfte taýýarlanyldy. Köfte taýýarlaýjylaryň pikiriçe, şeýle köfteleri «wagtlaýyn» edip bolýar.

Kompaniýanyň tagam taýýarlaýjylary geljekde şeýle ýitip giden haýwan görnüşlerinden dürli-dürli üýtgeşik tagamlary taýýarlamagy maksat edinýärler. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.