logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /55 müň ýyl ozal Ýere gaçan meteoritden ýasalan torba satlyga çykaryldy
  03.04.2023
1048
55 müň ýyl ozal Ýere gaçan meteoritden ýasalan torba satlyga çykaryldy

Fransuz moda kompaniýasy «Coperni» 55 müň ýyl ozal Fransiýanyň günortasyna düşen meteoritden torba ýasady. Kompaniýa torbanyň «arheologiýany we dizaýny birleşdirýändigini» öňe sürýär. Torbanyň bahasy 40 müň ýewro diýlip yglan edildi.

«Mini Meteorite Swipe Bag» atly kaşaň torba satlyga çykarylandan birnäçe minut soň alyjy tapyldy. Fransuz moda markasy «Coperni» tarapyndan tarapyndan öndürilen torba bir baý telekeçi tarapyndan satyn alyndy.

Torbanyň önümçiliginde ulanylan meteorit 1968-nji ýylda Fransiýanyň günortasyndan tapyldy. Bu moda kompaniýasynyň ilkinji meteorit torbasy däl. Kompaniýanyň elinde häzir birnäçe sany meteorit torbalar bar. Olar ýakyn geljekde üýtgeşik we täsin dizaýny bilen satlyga çykarylar.

«Coperni» kompaniýasy mundan öň aýnadan ýasalan torbany 22 müň satuwa çykarypdy. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.