logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Ak bugdaý» bazarynda baýramçylyk söwdalary gyzyşýar
  27.12.2022
1250
«Ak bugdaý» bazarynda baýramçylyk söwdalary gyzyşýar

Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, Ahal welaýatynda hem taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ak bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň bolçulygy has-da berkidilýär.

Häzirki günlerde göçme söwda nokatlarynda we dükanlarda baýramçylyk söwdalary gyzgalaňly dowam edýär. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň bu ugurdaky tagallalarynyň ýerine düşýändigine Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazaryna baryp göreniňde-de göz ýetirýärsiň. Bazarda ilata hödürlenýän azyk önümleriniň aglaba böleginiň türkmen telekeçilerine degişlidigi guwandyryjydyr. Häzirki wagtda welaýatyň hususyýetçileri azyk önümleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirýär.

Dürli harytlara niýetlenen bölümlerde ilata hödürlenýän önümler ekologiýa taýdan arassalygy, hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, bazara gelýän alyjylarda uly gyzyklanma döredip, baýramçylyk ruhuny has belende göterýär. Bazarda islendik önümi elýeterli bahalardan satyn almak mümkin.