logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Ak bugdaý etrabynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  25.10.2022
792
Ak bugdaý etrabynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi

Golaýda, Ak bugdaý etrabynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Ýaryş - «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleri tarapyndan bilelikde guralyp, etrapdaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirildi.

Etrapdaky orta mekdeplerden gatnaşan, okuwçy oglanlardan düzülen toparlar öz aralarynda çekeleşili duşuşyklary geçirdiler. Şol duşuşyklaryň netijesinde 1-nji, ýöriteleşdirilen 27-nji we 45-nji orta mekdepleriň toparlary degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan sylaglandy.