logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Ak bugdaý etrabynyň çäginde welosipedli ýöriş gurnaldy
  07.04.2023
959
Ak bugdaý etrabynyň çäginde welosipedli ýöriş gurnaldy

Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Ahal welaýatynda hem hakyky toý ruhuna beslenen sport-sagaldyş çäreleri geçirildi.

Ir bilen Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan welosipedli ýöriş şu günki welaýat derejesindäki çärelere özboluşly badalga boldy. Halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundaky ýörite niýetlenen ýerden Änew şäherine tarap badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe welaýat, etrap häkimlikleriniň, guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşlar, türgenler, ýerli ýaşaýjylar we beýleki köp sanly raýatlar goşuldylar.

Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň gabadynda pellehanada sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.