logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Ak bugdaý etrap hassahanasynyň durky täzelenen we täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy
  30.11.2022
1288
Ak bugdaý etrap hassahanasynyň durky täzelenen we täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy

29-njy noýabrda, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň durky täzelenen we täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara saglygy goraýyş işgärlerinden we ýerli ilatdan başga-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, il sylagly ýaşululardyr mährem eneler hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Dabaranyň  dowamynda hassahananyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylaryň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar hassahananyň binalaryna aýlanyp, ol ýerde saglygy goraýyş işgärleri üçin döredilen iş şertleri, näsaglara lukmançylyk hyzmatyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Onuň gurluşygyny «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçy hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, durky täzelenen hassahana iki gatly binalaryň bäşisinden, bir gatly binalaryň hem şonçasyndan ybarat bolup, olarda döwrebap enjamlaşdyrylan bölümlerdir otaglar ýerleşýär. Ol ýerde oturdylan enjamlardyr serişdeler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa, Sweýsariýa, Italiýa, Ispaniýa, Daniýa, Wengriýa, Türkiýe, Polşa, Slowakiýa ýaly döwletleriň, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur kompaniýalarynyň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlarydyr, saglygy goraýyş maksatly serişdelerdir.

Hassahananyň dolandyryş bölüminde lukmanlar üçin aýratynlykda ýokary şertler göz öňüne tutulypdyr. Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde antenatal gözegçilik otagy, akuşer-ginekolog, hirurg, trawmatolog, stomatolog, oftalmolog, otolaringolog, kardiolog, endokrinolog, onkolog lukmanlarynyň otaglarynyň ýerleşýändigini bellemek gerek. Elektrokardiografiýa, ultrases barlagy, fizioterapiýa, rentgen, barlaghana otaglarynyň hem enjamlaşdyrylyşy ünsi çekijidir. Hassahanada 15 orunlyk çagalar bölümi we 3 näsag orunlyk gündizki stasionar göz öňüne tutulypdyr. 120 orunlyk mejlisler jaýy bolsa, döwrebap enjamlaşdyrylyşy bilen tapawutlanýar.