logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi geçirildi
  25.05.2025
869
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu sergä ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalary we kärhanalary, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

 

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara sergä iberen gutlag haty okaldy. Sergä Russiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Olar dürli ugurlarda gazanylan dünýä derejesindäki üstünlikleri, täze işläp taýýarlamalaryny hem-de innowasion çözgütlerini görkezdi.

 

Bu sergi diňe bir harytlary we hyzmatlary däl, eýsem ekologiýa, durnukly ösüş we Aşgabady “ýaşyl” şäher derejesine çykarmak boýunça görülýän işler bilen hem baýlaşdyrylandyr. Sergide ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, telekeçileriň hem-de Aşgabatda şähergurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň gazananlary giňden görkezildi.

 

Aýzada AŞYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.