logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ak şäherim Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda
  09.07.2025
841
Ak şäherim Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda

Aşgabat şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr. Aşgabada «arzuwlaryň şäheri» diýlende, geljegiň maksatnamalary hakynda hem aýdyp bolar. Häzirki döwürde Aşgabadyň ösüşini diňe onuň şu günki kartasynda anyk görüp bilersiňiz.

 

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Türkmenitanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, 2013-nji ýyldan başlap, 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.  Hormatly Arkdagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär.

 

Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Aşgabat halkymyzyň günbe-günden geljege tarap okgunly öňe barýan,  arzuwlarynyň hasyl bolan ak mermerli şäherine öwrülýär.

 

Bägül SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.