logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Alymlar: «50 ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak ölüm howpuny ýokarlandyrýar!»
  20.10.2022
1400
Alymlar: «50 ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak ölüm howpuny ýokarlandyrýar!»

«PLoS Medicine» lukmançylyk žurnalynda çap edilen täze gözlegiň netijesine görä, 50 we ondan ýokary ýaşdan soň günde 5 sagatdan az ýatmak birnäçe saglyk meselelerine sebäp bolup ölüm howpuny ýokarlandyrýar.

Takmynan, 8 müň adamyň gatnaşan gözleginde 20 ýyldan gowrak wagt bäri maglumatlar ýygnaldy. Lukmanlar gözlege gatnaşan adamlaryň her gün näçe sagat ýatandyklaryny ýazgy etdiler.

Gözlegiň dowamynda, günde 5 sagat we ondanam az uklaýan 50 we ondan ýokary ýaşly adamlaryň, günde 7-8 sagat uklaýanlara garanyňda saglyk meseleleriniň 30 göterim köp bolýandygy ýüze çykaryldy.