logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Alymlar: «Öýdäki gaz peçlerinde nahar bişirmek demgysma sebäp bolýar!»
  17.01.2023
2163
Alymlar: «Öýdäki gaz peçlerinde nahar bişirmek demgysma sebäp bolýar!»

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen gözlegde, ýapyk ýerlerde we binalarda gazda nahar bişirmegiň saglyga ýetirýän täsirleri öwrenildi. Şoňa görä-de, gazda nahar bişirmegiň demgysma keseline sebäp bolup bilýändiginiň üsti açyldy.

Mälim bolşy ýaly häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurtlarynda nahar bişirmek üçin tebigy gazdan peýdalanylýar. Mundan öň geçirilen gözlegler gazda nahar bişirmegiň azot dioksidiniň  derejesini has ýokarydygynyň üstüni açypdy.

Geçen aý Halkara Daşky gurşawy öwreniş we jemgyýetçilik saglygy žurnalynda, diňe geçen 2022-nji ýylyň dowamynda 650 müň adamyň gazda nahar bişirmegiň netijesinde demgysma keseline sebäp bolandygy mälim edilýär. Şeýle hem žurnalda gazda nahar bişirmegiň ýetirýän zyýanynyň çilimiňki bilen deň derejedeligi aýdylýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde 262 million adamyň demgysma keseli bar we dünýäde her ýyl 400 müňden gowrak adam demgysma sebäpli aradan çykýar.