logo

Latest news:
✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦
Home / Society /Änewde toý ruhuna beslenen maslahat geçirildi
  24.12.2022
872
Änewde toý ruhuna beslenen maslahat geçirildi

23-nji dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanyndaky sergi bilen tanyşdylar. Milli mirasymyzyň gymmatlyklary, el hünärine degişli işler sergä gatnaşyjylarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, dili senaly ýaşulularyň, kümüş saçly mährem eneleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyp geplemelere uly orun berildi. Çykyş edenler welaýatyň ýaşaýjylarynyň arzuw-islegleriniň göz öňüne tutulyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda welaýatyň täze edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmeginiň hem-de oňa Arkadag adynyň dakylmagynyň ulus-ilimizi buýsandyran şanly wakadygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Dabara gatnaşanlar eşretli döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ildeşlerimiziň adyndan alkyş sözlerini aýtdylar.

Hoşallyk maslahaty welaýatymyzyň meşhur bagşy-sazandalarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Döwrümiziň buýsançly waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar ol ýere ýygnananlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.