logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Apple»-iň Angliýada täze şäherçesi açylar
  05.10.2022
1618
«Apple»-iň Angliýada täze şäherçesi açylar

Angliýanyň paýtagty Londonda «Apple»-iň täze şäherçesiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Londondaky satuw nokatlaryna baryp gören Tim Kuk täze şäherçäniň 2023-nji ýylyň başynda işe başlajakdygyny habar berdi.

Tim Kuk özüniň «Twitter» hasabynda: «Geljek ýylyň başynda Londonda «Apple»-iň täze şäherçesi işe başlar. Bu ýerde täze ofisler açylar. Biz muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. » - diýip belläp geçdi.

Londonda açylmagy meýilleşdirilýän «Apple» şäherçesi ilkinji gezek 2016-njy ýylda meýilleşdirilipdi. Şäherçe açylandan soňra, ABŞ-daky ofisden soň iň uly ikinji ofis bolar. «Apple»-iň täze şäherçesi, «Battersea» elektrik stansiýasynda ýerleşip bu elektrik stansiýanyň 40 göterimini tutýar. Londonda açyljak «Apple»-iň täze şäherçesi üçin 5 müň milliard ýewrodan gowrak maýa goýum goýuldy.

 

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.