logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /«Apple» käbir «iPhone» modellerinden SIM kartany aýyrmagy meýilleşdirýär
  05.09.2022
1002
«Apple» käbir «iPhone» modellerinden SIM kartany aýyrmagy meýilleşdirýär

Köp adamyň garaşýan hepdesi hem gelip ýetdi. Ýene sanlyja iki günden ýagny 7-nji sentýabrda ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy «Apple» - «iPhone 14» akylly telefony bilen resmi taýdan tanyşdyrar. Şeýle hem kompaniýa, bu tanyşdyrylyşyň çäginde «Apple Watch Series 8» we «AirPods Pro» ýaly enjamlaryny hem satuwa çykarjakdygyny mälim etdi.

 

 

«Apple» kompaniýasynyň tejribeli analitigi Mark Gurmanyň beren metbugat beýanatyna görä, täze «iPhone» modelleriniň käbirinde SIM karta dakylýan ýeri bolmaz.  Munuň deregine bu modellerde «eSIM» bolar.

 

 

«eSIM» tehnologiýasy, şu wagta çenli ulanan fiziki SIM kartalarymyzyň sanly görnüşleri hökmünde kesgitlenip bilner. Bu tehnologiýanyň çäginde akylly telefonlara SIM kartany dakmak zerur bolmaz. Şeýle hem, bu tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlyklarynyň bardygyny aýdyp bolar.