logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /«Apple» kompaniýasy akylly öýler üçin «iPad» önümçiligine başlar
  20.01.2023
1576
«Apple» kompaniýasy akylly öýler üçin «iPad» önümçiligine başlar

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi bilen öýlerdäki birnäçe enjamlar hem akylly boldy. Şular bilen bir hatar-da, bu enjamlaryň kömegi bilen öýler hem akylly bolýar.

ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy «Apple» hem ýakynda akylly öýler üçin täze enjamyň önümçiligine başlaýar. Öýdäki «iPad» diýlip atlandyrylýan täze enjam bilen tutuş öýi uzakdan dolandyryp bolar.

Täze «iPad» enjamynda ähli zerurlyklar göz öňünde tutular we kompaniýa bu babatda ilki bilen minimal we zerur funksiýalara ünsi çeker. Öýdäki «iPad» bilen uzak aralykdan öýdäki iň kiçi enjamlara çenli gözegçiligi ýola goýup bolar.

Hünärmenler dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutup, täze «iPad» önümçiligine başlamak bilen «Apple» kompaniýasynyň girdejisi we ulanyjysy ep-esli artar diýip pikir edýär.

Beýleki bir tarapdan bolsa analitikler «Apple» akylly öýler üçin «iPad» önümçiligi geljek ýyldan meşhur bolar diýip çaklaýarlar. 

 

Orazdurdy TÖRÄÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.