logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /«Arkadag» futbol toparynyň ilkinji duşuşygy 22-nji aprelde bolar!
  03.04.2023
1041
«Arkadag» futbol toparynyň ilkinji duşuşygy 22-nji aprelde bolar!

Golaýda ses berlişigiň netijesinde döredilen «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna agzalyga kabul edildi. Täze döredilen «Arkadag» futbol klubuny Türkmenistanyň futbol çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky bäsleşige goşmak baradaky karara gelindi.

Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol topary 22-nji aprelde «Energetik» futbol toparlary bilen duşuşar. Duşuşygyň jogap oýny 2-nji maýda geçiriler.

Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiji bolan topar ýaryşyň çärýek finalynda Aşgabadyň «Köpetdagynyň» garşydaşy bolar. Şeýle hem çärýek finalda «Merw» bilen «Aşgabat», «Ahal» bilen «Şagadam», «Altyn asyr» bilen «Nebitçi» güýç synanyşar. Federasiýa çärýek final duşuşyklaryny 9-njy we 20-nji maýda geçirmegi meýilleşdirýär.