logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
  07.07.2025
572
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda hereket edýän «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik hem-de tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylaryň dykgatyna ýetirdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu sanyň baş makalasy, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, «Çagalaryň sesi – dünýäniň şatlygy» ady bilen çap edilipdir. Şeýle hem «Juwan köňülleriň ylham joşguny» atly makalada geçen aý geçirilen «Talyp joşguny – 2025» döredijilik festiwalyna syn berilýär.

 

«Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly makalada ýurdumyzda gurlan ilkinji «akylly» şäheriň aýratynlyklary beýan edilýär. Şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanynyň çykyşynda şäheriň saglyk ulgamy baradaky maglumatlara orun berilýär.

 

Ylymlar gününe bagyşlanan «Döwrüň belent ösüşleriniň binýady» atly makala hem neşirde ýerleşdirilipdir. Taryhy temaly makalalar «Geçmiş – geljegiň berk binýady» atly çykyş bilen dowam etdirilýär. Mundan başga-da, neşiriň soňky sahypalarynda welosipediň taryhyna bagyşlanan täsirli makala ýerleşdirilipdir.

 

Žurnalyň iýun sany «Tomus – çagalaryň söýgüli pasly», «Pyrtykally şerbet» ýaly çykyşlar we «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi barada berlen maglumat bilen jemlenýär.

 

Gülşirin GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.