logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Aşgabatda iri halkara sport ýaryşy tamamlandy
  10.06.2023
860
Aşgabatda iri halkara sport ýaryşy tamamlandy

9-njy iýunda paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda bäş günläp dowam eden sport ýaryşynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş ýygyndy toparlary diňe bir altyn medal üçin däl-de, eýsem, Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga iki ýollanmany eýelemek ugrunda hem göreşdiler.

Sport ýaryşynyň soňky netijeleri we baýraklaryň eýeleri ýaryşyň jemleýji gününde mälim boldy. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Gazagystanyň ýygyndy topary özbegistanly garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňip, birinji orna mynasyp boldy. Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa ikinji orny eýeledi. Täjigistanyň toparyny şu hasap bilen ýeňen gyzlar ýygyndy toparymyz bürünç medala eýe boldy. Ildeşlerimiz täjigistanly bäsdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda ynamly ýeňiş gazandylar. Ýekelikde we jübütleýin geçirilen duşuşyklaryň hiç haýsynda-da olar garşydaşlaryna utuk gazanmaga mümkinçilik bermediler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde ýaş tennisçiler Aýlar Kakabaýewa, Anna Ponýatowa we Näzli Hudaýgulyýewa sport ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldular.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda dartgynlylyk we şowhun sport ýaryşynyň soňky pursadyna çenli dowam etdi. Oglanlar ýygyndy toparymyz Özbegistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başaryp, netijede, sport ýaryşynyň kümüş medalyny eýeledi hem-de Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma eýe bolmaga mümkinçilik aldy. Munuň üçin biziň ýygyndy toparymyza täjigistanly garşydaşlaryny ýeňmek, Özbegistanyň toparynyň hem gazagystanly garşydaşlaryndan utulmagy zerurdy. Garaşylyşy ýaly, ugurdaş geçirilen oýunda gazagystanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, altyn medaly gazandylar. Bu bolsa ildeşlerimiziň ikinji orna bolan mümkinçiligini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň şägirtleri oýna aýgytly girişdiler. Ýekelikde geçirilen ilkinji duşuşykda ildeşimiz Aly Geldiýew Ahmad Wositowdan 6:2, 6:1 hasabynda üstün çykdy. Ýekelikde geçirilen ikinji oýunda ildeşimiz Süleýman Hudaýberdiýew garşydaşy Alijon Mirzoýewi 6:0, 6:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Jübütleýin duşuşykda ildeşlerimiz Aly Geldiýew we Nazargeldi Amangeldiýew Alijon Mirzoýewi we Ahmad Wositowy 6:1, 6:1 hasabynda ýeňdiler. Şeýlelikde, ildeşlerimiz tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ilkinji gezek kümüş medaly gazanmagy başardylar we Aziýanyň ýaryşynyň jemleýji tapgyryna çykdylar. Üçünji orna Özbegistanyň ýygyndy topary mynasyp boldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýeňijilerine Halkara tennis federasiýasynyň medallary we güwänamalary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.