logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Aşgabatda täze 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep gurlar
  14.09.2024
2283
Aşgabatda täze 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işler dowam etdirilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna rugsat berdi.


✔ Taslama düzüji we ýerine ýetiriji: “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy.
✔ Gurluşygyň başlanjak senesi: 2024-nji ýylyň sentýabr aýy.
✔ Tamamlanjak senesi: 2026-njy ýylyň sentýabr aýy.
✔ Ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy: Mekdebiň töwereginde degişli infrastruktura hem dörediler.


Bu taslama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.


Täze mekdebiň gurulmagy paýtagtymyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly goşant goşar!