Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Aşgabatda Türkmen - Amerikan işewürlik forumy geçirildi
  07.12.2023
405
Aşgabatda Türkmen - Amerikan işewürlik forumy geçirildi

Sişenbe güni paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

 

 

Maslahatyň dowamynda şeýle duşuşyklaryň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, maýa goýum işini höweslendirmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.Uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda üstünlikli işleýändigi bellenildi.

 

 

Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki döwrüň şertlerini we Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleri milli, sebit hem-de ählumumy derejede çözmek babatda durmuşa geçirýän maksada gönükdirilen başlangyçlaryny nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar. Maýa goýumlar hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi, esasy ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamasy bellenildi.

 

 

Şunda soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklarynyň göz öňünde tutulmagy taraplaryň ikisiniň hem anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.Şeýle hem işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. «Case New Holland Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi.

 

Hakberdi Gulçarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.