Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Aşgabatdaky saglyk merkezlerine “German Design Award Winner 2025” güwanamasy berildi
  27.02.2025
1241
Aşgabatdaky saglyk merkezlerine “German Design Award Winner 2025” güwanamasy berildi

2024-nji ýylda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Aşgabatda açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, 400 orunlyk sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk fiziologiýa merkezi hökmünde hyzmat edýär. Bu desgalara Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy, taslamalaryň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle hem enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänama berildi. Bu bejeriş we öňüni alyş edaralary dünýä derejesindäki innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilip, halkara ülňülerine laýyk gelýär.

 

Merkezlerde näsaglara edilýän ýokary hilli hyzmatlar we iş şertleri, şeýle-de ulanylýan lukmançylyk enjamlarynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygy, olaryň dünýä derejesindäki talaplara laýyk gelýändigini görkezýär.

 

Bu saglygy goraýyş desgalarynyň gurulmagy «GAP Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy üçin uly üstünlik bolup, Aşgabatda gurlan bu merkezleriň taslamalary kompaniýa, Germaniýanyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyparagatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» german edarasy tarapyndan geçirilýän bäsleşige gatnaşmaga we ýeňiji bolmaga kömek etdi.

 

Bu bäsleşigiň Germaniýanyň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini bellemeli. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylandan soň, bu desgalara degişli halkara güwänamalary we nyşanlar gowşuryldy.

 

Gülşirin ŞÜKÜROWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň farmakologiýa
kafedrasynyň mugallymy.