logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň durmuş ykdysady ähmiýeti
  11.04.2024
731
Ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň durmuş ykdysady ähmiýeti

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler häziriki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerinden peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek arkaly, ykdysadyýetimizde uly öňegidişlikler gazanylýar.

 

Şeýle hem ykdysadyýetiň maliýe pudagyny hem-de şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykly ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny dünýä bazarlarynda işjeňleşdirmek döwlet baştutanymyzyň aýratyn üns berýän meselesine öwrüldi.

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryşyň işini ösdürmek boýunça döwrüň talaplaryna laýyk gelýän birnäçe täze işler işlenilip taýýarlanyldy. Ýagny «Karz alyjylaryň karzlaryň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy», «Karzlaryň üzülmedik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş», «Ýer titremesinden meýletin ätiýaçlandyryş», «Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş», «Sergileri meýletin ätiýaçlandyryş», «Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş» hakyndaky kadalaryň tassyklanmagy ýerli ätiýaçlandyryş guramalarynyň alyp barýan işleriniň has-da öňe gitmegine uly ýardam berýär.

 

Türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys!

 

Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.