logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Awazada Türkmenistanyň Maýa goýum forumy geçirilýär
  18.09.2025
1689
Awazada Türkmenistanyň Maýa goýum forumy geçirilýär

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy — TIF 2025 öz işine başlady. 19-njy sentýabra çenli dowam etjek bu halkara forum daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistana çekmek maksady bilen geçirilýär. Foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili gatnaşýar. Olaryň arasynda döwlet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bank ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy bilermenler bar.

 

Forum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmmetguly Astanagulow tarapyndan okalan ýüzlenmesi bilen açyldy. Birinji günüň esasy wakasy «Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi strategiki netijeliligiň esasy hökmünde» atly umumy mejlis boldy.

 

Mejlise Bütindünýä bankynyň, BMG-niň ýolbaşçylary we beýleki halkara bilermenleri çykyş etdiler. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary — energetika, logistika, gurluşyk, maliýe we innowasiýalar boýunça taslamalar hödürlener. Şeýle hem ýaşyl ykdysadyýet, sanly özgertmeler we oba hojalygynyň durnukly ösüşi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

 

TIF 2025 foruma halkara guramalaryň we dünýä belli kompaniýalaryň — şol sanda BMG, Aziýa ösüş banky, Bütindünýä banky, ÝHHB, «Daewoo E&C» we «John Deere» ýaly kompaniýalaryň goldaw bermegi onuň ýokary derejesini görkezýär.

 

Gyrmyzygül ÝUSUPOWA,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki
daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.