logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Bäherden etrabynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi
  02.11.2022
1137
Bäherden etrabynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi

Bäherden etrabyndaky orta mekdepleriň okuwçylary «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde sportuň dürli görnüşleri boýunça guralýan ýaryşlara ruhubelentlikde gatnaşýar. Agzalan spartakiadanyň çäginde geçirilen woleýbol ýaryşyna mekdepleriň aglabasyndan toparlar gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdi.

Ýaryş etrapdaky 27-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan ýaryşda etrapdaky 27-nji, 1-nji, 4-nji orta mekdepleriň okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldy.