logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Bäherden etrabynyň maldarlary gyş möwsümine häzirden taýýarlyk görýärler
  09.06.2023
1083
Bäherden etrabynyň maldarlary gyş möwsümine häzirden taýýarlyk görýärler

Bäherden etrabynyň maldarlary häzirki günlerinde gyş möwsümi üçin bol ot-iým goruny döretmek işine möhüm ähmiýet berýärler. Maldarçylyk hojalyklarynyň ot-iým taýýarlaýjylary bu derwaýys işde ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.

Maldarlar gyş möwsümi üçin iri baldakly ot bolan saman hem-de bede taýýarlamak işlerini depginli alyp barýarlar, işiň hiline we mukdaryna aýratyn üns berýärler. Bol ot-iým goruny döretmekde «Mürçe», «Ýeňiş» daýhan birleşikleriniň, Şaja Batyrow, Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň ot-iým taýýarlaýjylary nusga alarlyk işleri bilen tapawutlanýarlar.