logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Bäherden hassahanasyna Gemodializ enjamlary sowgat berildi
  09.05.2024
734
Bäherden hassahanasyna Gemodializ enjamlary sowgat berildi

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri bilen Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Bu enjamlar böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam edýär.


Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm ugurlar bolup durýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan halkara guramalar, şol sanda BSGG we ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.


Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýyldan bäri hossarlyga mätäç çagalaryň saglygyny goramak boýunça işleri alyp barýar. Gaznanyň serişdeleri lukmançylyk hyzmatlary, dynç alyş mümkinçilikleri we zerur enjamlary üpjün etmek üçin ulanylýar. Şeýle-de, bu gazna çaga hassahanalaryna enjamlar, tiz kömek awtoulaglary we saglygy goraýyş serişdeleri bilen goldaw berýär.


Türkmenistanda ynsanperwer kömek diňe bir içerki däl, dostlukly döwletleriň çagalaryna hem ýetirilýär.