logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Bäherdende sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy
  08.05.2024
710
Bäherdende sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy

Bäherden etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply zawodyň ikinji tapgyry açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

 

Täze önümçilik kärhanasy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan Germaniýanyň «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasy bilen bilelikde guruldy. Zawod innowasion we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, doly awtomatlaşdyrylan.

 

Şol gün Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde bir gije-gündizde 30 müň kub metr suw arassalamaga ukyply täze agyz suw desgasynyň hem açylyşy geçirildi. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň ilatyna döwrebap awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat berildi.

 

Şeýle hem ýurduň gurluşyk-senagat pudagyny ösdürmek maksady bilen, Bäherden etrabynda keramiki-bezeg önümleri zawody, Tejende täze suw arassalaýjy desgalar hem-de ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.