Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi - «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi»
  27.12.2022
1038
Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi - «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi»

Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan welaýat, şäher etrap, oba merkezleriniň hem-de muzeý şahamçalarynyň arasynda yglan edilen «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.

Bäsleşigiň esasy maksady şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakdan, gadymy gymmatlyklarymyzy, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri gorap saklamakdan, öwrenmekden hem-de aýawly saklamak işini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijesine görä, «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi» diýen ada Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi mynasyp boldy. «Ýylyň iň gowy şäher muzeýi» diýen ada Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýi, «Ýylyň iş gowy etrap muzeýi» diýen ada Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýi, «Ýylyň iň gowy oba muzeýi» diýen ada Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň S.Çerkezow adyndaky geňeşliginiň Taryh muzeýi, «Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy» diýen ada Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesindäki geňeşliginiň şahamçasy eýe boldular. Ýeňiji bolan muzeýlere degişli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň çäklerinde Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklarynyň sergisi hem guraldy. Bäsleşigiň dowamyndaky çykyşlarda muzeý işini ösdürmekde bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.