logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Basketbol ýaryşy geçirildi
  05.04.2023
1028
Basketbol ýaryşy geçirildi

Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň  tagallasy bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň, sportuň hem-de  sagdynlygyň  dünýä  nusgalyk ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyz  ýaş nesliň beden taýdan  işjeňligini saklamaga, ilatyň saglygyny goramaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän çärelere uly üns berýär. Bu bolsa ýaşlary has-da ýokary netijeli bilim almaga ruhlandyrýar.

Ýakynda hormatly prezidentimiziň  «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen  Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň  sport mekdebinde   «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»  hem-de saglyk aýy mynasybetli  Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Tejen etrap birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň arasynda sportuň Basketbol ýaryşy geçirildi. Kärdeşler  arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň ýörite toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Eminler toparynyň yglan etmeginde   ýaryş güýçlüleri öňe saýlady. Şeýlede ýaryşda ýeňiji bolanlara Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

 

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.