logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary köpeldýär
  03.12.2022
1105
«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary köpeldýär

13-nji dekabrdan «Belawiýa» awiakompaniýasy Minskden (Belarussiýa) Türkmenbaşy şäherine (Türkmenistan) göni yzygiderli gatnawlarynyň sanyny köpeldýär. Mundan ozal, Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça uçuşlar iki hepdeden bir gezek amala aşyrylýardy. Indi, 2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 21-nji martyna çenli her sişenbe güni Minsk — Türkmenbaşy we her çarşenbe güni Türkmenbaşy — Minsk ugurlary boýunça uçuşlar amala aşyrylar.

Uçarlar Minskden 22:40-da uçup, 04:45-de gonar, Türkmenbaşydan 05:45-de uçup, 8:05-de gonar.

Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri Aşgabatdaky «Belawiýa» ofisinden alyp bolar. Salgy: köç. 2028 (A. Gowşudow), 50/2 bina, 2-nji gat («Teke bazary», «Ak Deňiz» binasy, 2-nji gat) Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312926409.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň raýatlaryna Belarussiýa gitmek üçin wiza gerek. Wizanyň bahasy 60 ýewro.