logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgalary
  09.04.2025
1350
Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgalary

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde biziň halkymyzyň döreden gatnaşyklar medeniýetiniň häzirki döwürde döwletleriň arasynda täze gatnaşyklary kemala getirmekdäki we bu ýoly täzeden dikeltmekdäki ähmiýeti barada Tegelek stol söhbetdeşligini geçirdiler.

 

Söhbetdeşlige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy G.Saparowa, uniwersitetiň mugallymy G.Meredow hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy P.Kakajaýew dagylar gatnaşdy. Söhbetdeşligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy J.Sapargulyýewa alyp bardy.

 

Çykyş edenler Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgalary bolan halkara gazgeçirijileri, demir ýollary, howa ýollary we awtomobil ýollary, olaryň halkara parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, asudalyk, halk bilen döwlet Baştutanynyň jebisligi, Bitarap Türkmenistany dünýäde nusgalyk ýurda öwürmek ugrunda çekilýän agzybir zähmetiň durmuşymyzy özgerdýänligini buýsançly bellediler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi