logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /«Covid-19»-yň örän howply täze görnüşi: «BQ1»
  07.12.2022
1264
«Covid-19»-yň örän howply täze görnüşi: «BQ1»

Alymlar 50 ýurtda ýüze çykarylan «Covid-19»-yň täze görnüşi bolan «BQ1»-niň häzirki güne çenli bar bolan bejergileriň ählisine garşylyk görkezip bilýändigini mälim etdiler. Bu ýagdaý dünýäniň birnäçe döwletlerinde uly alada döretdi.

Irlandiýaly wirolog Connor Bamford, ýylyň soňky hepdelerinde «BQ1» görnüşinden seresap we hüşgär bolmagy maslahat berdi. Bamford, «Covid-19»-yň täze görnüşiniň immunitete seretmezden ýeňip geçip bilýändigini we häzirki güne çenli bar bolan bejergileriň ählisine garşylyk görkezip bilýändigini aýdyp geçdi.

«BQ1» görnüşi hem beýleki görnüşlerdäki ýaly gyzzyrma, üsgülewük, ýadawlyk, bokurdak agyry, ýürek bulanma, içgeçme we kelleagyry ýaly alamatlary ýüze çykarýar.