logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Demirgazyk Koreýanyň paýtagty karantin edildi!
  25.01.2023
1236
Demirgazyk Koreýanyň paýtagty karantin edildi!

Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanyň häkimiýetleri dem alyş keselleriniň we waka sanynyň köpelmegi sebäpli paýtagty 5 günlük karantin etmeli diýen karara geldiler.

«NK News» habar gullugynyň habaryna görä, ilat şu hepdäniň aýagyna çenli karantin düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar. Häkimiýetler ilata öýde galmagy we her gün birnäçe gezek öz temperaturalaryny barlamagy maslahat berdi.

Ýurduň paýtagtyndan beýleki ýerleriň karantine girendigi ýa-da girmändigi barada entek anyk maglumat ýok.

Belläp geçsek, Demirgazyk Koreýada 2022-nji ýylda ilkinji «Covid-19» wakasy hasaba alyndy. Ýurt waka sany barada anyk maglumat bermedi.