logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatordaky» ilkinji tutluşygynda ýeňiş gazandy
  16.04.2022
1457
Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatordaky» ilkinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatordaky» ilkinji tutluşygynda ýeňiş gazanmagy başardy. ABŞ-nyň San-Hose şäherinde geçirilen tutluşykda ildeşimiziň garşydaşy braziliýaly Rafael Karwalon boldy. Döwletjan Ýagşymyradow ikinji raundda tehniki nokaut bilen garşydaşyny ýeňip ýeňiş gazandy.

Ýeňiş gazanyp, Türkmen Tugyny belende galdyryp, Türkmen milli ak telpegini geýen ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow tomaşa edip oturan millionlarça adamyny haýran galdyrdy.

Belläp geçsek, Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatorda» çykyş edýän ilkinji türkmenistanly türgendir. Türkmenistanly türgeniň häzirki wagta çenli 19 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň geçiren tutluşyklary bar.