logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Dünýä ýüzi howsalada: «XBB.1.5» ştamy ýyldyrym tizliginde ýaýraýar!
  06.01.2023
1262
Dünýä ýüzi howsalada: «XBB.1.5» ştamy ýyldyrym tizliginde ýaýraýar!

Dünýä ýüzi Täze ýyla gadam basdy. Emma koronawirus pandemiýasy entegem Dünýäni uly alada goýýar. Birnäçe wagt mundan ozal, koronawirusyň has howply, ýokuşýan we sanjymlara garşy durup bilýän täze «XBB.1.5» ştamy döredi.

«XBB.1.5» ştamy ýyldyrym tizliginde dünýäniň 74-den gowrak ýurduna ýaýrady. Singapur we Hindistan ýaly ýurtlarda eýýäm täze ştamyň birinji tolkuny başlady. Saglygy goraýyş hünärmenleri pandemiýanyň ýakyn wagtda dünýäni öz içine aljakdygyndan howatyrlanýar. ABŞ, Kanada ýaly uly döwletlerde hem täze ştam bilen baglanyşykly wakalar hasaba alyndy.

Belläp geçsek, «XBB.1.5» ştamy ilkinji gezek Hindistanda ýüze çykaryldy. Alymlar täze görnüşiň garry adamlar (+ 65) üçin örän howpludygyny mälim edýärler.