logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Dünýädäki futbol toplarynyň takmynan 70%-i Pakistanda elde ýasalýar
  24.11.2022
1203
Dünýädäki futbol toplarynyň takmynan 70%-i Pakistanda elde ýasalýar

Dünýädäki futbol toplarynyň takmynan 70 göterimi Pakistanda el zähmeti arkaly ýasalýar.

Penjabyň Sialkot şäherindäki kärhana, 20-nji noýabrda Katarda başlanan dünýä çempionatynda ulanylýan «Adidas» haryt nyşanly toplaryny öndürdi. Ýurduň öňdebaryjy senagat zolaklaryndan biri bolan şäherde ýerleşýän zawodda takmynan 60 müň adam işleýär. Bu şäher ilatynyň takmynan 8 göterimine deňdir.

1 müňden gowrak zawodyň ýerleşýän şäherindäki ussahanalarda öndürilen toplaryň 80 göteriminde el zähmetinden peýdalanylýar. El zähmeti arkaly ýasalan toplar has çydamly we maşyn bilen öndürýänlere garanyňda has ýokary durnuklylyga eýedir.

«Anwar Khawaja Industries» atly kärhanada tikin işleri bilen meşgullanýan işçiler, her top üçin 160 pakistan rupisini alýarlar. Günde üç top tikýän işçi aýda 9600 pakistan rupisini gazanýar. Kärhanada toplary tikmek, adatça zenan işçiler tarapyndan amala aşyrylýar.