logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Dünýädäki ilkinji wodorod bilen işleýän otly Germaniýada hyzmat edip başlady
  05.09.2022
1569
Dünýädäki ilkinji wodorod bilen işleýän otly Germaniýada hyzmat edip başlady

Fransiýanyň energiýa we transport kompaniýasy «Alstom» tarapyndan işlenip düzülen dünýädäki ilkinji wodorod bilen işleýän otly «Coradia iLint» diýlip atlandyrylýar. Otly geçen ýylyň ahyrynda Fransiýada synag edilipdi. Şeýle hem otly Germaniýada, Gollandiýada we Şwesiýada geçirilen synag sürüşlerinden hem üstünlikli geçmegi başardy.

 

 

Dünýädäki ilkinji wodorod bilen işleýän ýolagçy otlusy uzak wagtlyk synagdan soň Germaniýanyň käbir şäherlerinde hyzmat edip başlady. «Coradia iLint», wodorod ýangyç öýjügi bilen işleýän dünýädäki ilkinji ýolagçy otludyr. Otlynyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, elektrik relsleriniň ýok ýerlerinde hem işläp bilmekidir.