logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Dünýädäki iň kiçi telewizor ýasaldy
  31.10.2022
947
Dünýädäki iň kiçi telewizor ýasaldy

ABŞ-da ýerleşýän «start-up» bolan «Tint Circuits» - «TinyTV Mini» we «TinyTV 2» atly dünýäniň iň kiçi telewizor prototiplerini hödürledi. «TinyTV Mini»-niň ekrany 15 mm, «TinyTV 2»-niň bolsa 26 mm ekrany bar.

Nostalgiki görnüşli telewizorlaryň sesini sazlaýan we wideolaryň arasynda kanallary üýtgedýän iki aýlaw düwmesi bar. Kompaniýanyň beren beýanatynda telewizorda görmek isleýän wideolaryňyzyň ulanyjy tarapyndan enjama ýüklenip bilinjekdigi we suratlaryň kompýuterden «USB-C» kabeli arkaly geçirilip bilinjekdigi habar berildi.

Şeýle hem, «TinyTV Mini» we «TinyTV 2» atly dünýäniň iň kiçi telewizorlary özünde 10 we 40 sagatdan gowrak wagtlap suratlary we wideolary saklap bilýän 8 Gb-lyk «mikro SD» huş bilen gelýändigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan, enjamlaryň söwda taýdan satuwa çykarylmagy üçin ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gazna geljek serişdeleriň hasabyna bolsa dünýäniň iň kiçi telewizoryna patent we önümçiligini etmek üçin gerekli enjamlar satyn alnar. Häzirki wagta çenli 128,640 amerikan dollaryndan gowrak serişde toplanyldy.

Dünýäniň iň kiçi telewizor prototipleri ABŞ-nyň Ohaýo ştatynda ýasaldy. Häzirki wagtda olaryň bahasy 49-59 dollar aralygynda bolup durýar. 

 

Mäti PENDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.