logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Emeli aň tehnologiýasy 100 dilde terjime edýär
  09.10.2023
939
Emeli aň tehnologiýasy 100 dilde terjime edýär

Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen adamlaryň durmuşy ýeňilleşýär. XXI asyry tehnika tehnologiýalar eýýamy diýsek ýalňyş bolmaz. Çünki häzirki durmuşymyzy tehika tehnologiýasyz gözöňüne getirmek mümkin däl. Ýakynda Kanadanyň “Meta” kompaniýasy «Se­am­lessM4T» at­ly prog­ram­ma­ny ta­nyş­ etdi. Bu programma ýüze golaý dile düşünýär we şol bir wagtyň özünde terjime etýär.

 

 

Soňky wagtlarda emeli aň tehnologiýasy has ösdi we durmuşa çalt ornaşdyryldy. Bu programma hem emeli aň programmasy bolup bellenilen dilde teksti ses ýazgysyna, ses ýazgysyndaky sözleri tekste, sözleri ýüzden gowrak dilde ýazuwa geçirmäge we sesi gönümel sese terjime etmäge ukyplydyr.

 

 

Emeli aň bilen işleýän bu programma dürli dillerde aragatnaşyk alyp barýan adamlar üçin gaty ähmiýetli bolup birnäçe ýeňillikleri döretýär.

 

Biziň ýurdumyzda hem ähli pudaklarda dünýäniň soňky tehnologiýalary  ornaşdyrylyp ösüşiň netijeliligi artdyrylýar. Aýratyn hem bilim ulgamynda ýaş nesiliň sowatly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin Hormatly Prezidentimiz uly işler amala aşyrýar.

 

Selbi Gurbangulyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika Institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallymy.