logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /«Esli» hojalyk jemgyýeti önümçiligini ýokarlandyrýar
  30.08.2023
1164
«Esli» hojalyk jemgyýeti önümçiligini ýokarlandyrýar

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Esli» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynyň önümçilik kuwwaty döwrebap çaga egin-eşikleriniň her aýda 40 müňüsini öndürmäge ukyply.

 


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Esli» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alty aýlyk körpelerden başlap, 14 ýaşa çenli bolan çagalara niýetlenen «Besti» haryt nyşanly döwrebap egin-eşikleri öndürip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesline şeýle şatlykly pursatlary bagyş edýärler. 

 


Kärhananyň önümhanasynda ezber elli tikinçileriň 190-a golaýy agzybirlik bilen zähmet çekýär. Bu ýerde pasla görä taýýarlanylyp, ýüzlerine dürli şekiller çekilen çaga egin-eşikleriniň 400-den gowrak görnüşi bolup, olar ülňüsi, dizaýn bezegidir reňkleri babatda biri-birini gaýtalamaýar. Bu babatda kärhananyň biçimçileriniň, dizaýnerleriniň täze gözleglerde bolup, döredijilikli işleýändiklerini bellemek ýakymlydyr. 

 


Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda dükanlaryny bezeýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli,  «Besti» haryt nyşanly döwrebap çaga egin-eşikleri, şol sanda sport we toý lybaslarynyň, başgaplardyr ellikleriň müşderileri barha artmak bilen. «Esli» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda müşderileriden gelýän ýörite buýurmalar esasynda hem iş alyp barylýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty çaga egin-eşikleriniň her aýda 40 müňüsini öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy döwrebap ülňülerdäki täze önümleriň döremegine getirýär. Çünki ýaşlar täze tehnologiýalarda döredijilikli, ýokary öndürijilikli işleýärler. Olaryň öndürýän eksport ugurly milli önümleriniň daşarky bazarlara, ýagny Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe Respublikasyna iberilýändigini hem uly buýsanç bilen aýtmak bolar.