logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Gadymy Garadepe sungat ussatlarynyň menzil-mekany
  12.05.2020
1134
Gadymy Garadepe sungat ussatlarynyň menzil-mekany

Gadymy döwrüň iň uly obalarynyň biri bolan Garadepe Kaka etrabyndaky Artyk demir ýol menzilinden 4 km demirgazykda, Çitli (taryhy çeşmelerde, geografiýa kartalarda Dorungär derýajygy diýlip atlandyrylýar) çaýynyň sag kenarynda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 15 ga. Garadepe arheologiýa ýadygärliginde Günorta Türkmenistan toplumlaýyn arheologiýa ekspedisiýasynyň düzümindäki belli arheolog-taryhçylar B.A.Kuftin, W.M.Masson, W.I.Sarianidi, I.N.Hlopin dagylar tarapyndan gazuw-agtaryş, ylmy-barlag işleri geçirlip, gadymy garadepelileriň ýokary derejede gülläp ösen medeniýetiniň bolandygy ýüze çykaryldy. Bu gadymy mekanda b.e. ozalky IV müňýyllykda ata-babalarymyz ilkinji bolup tarp ýerleri özleşdirip, ekerançylyk medeniýetiniň başyny başlapdyrlar. Bu ýerde ilat, esasan, ekerançylyk, maldarçylyk hem-de senetçilik bilen meşgullanypdyr. Gadymyýeti öwreniji alymlaryň, arheologlaryň şeýle hem sungaty öwrenijileriň Garadepäni “Iň gadymy sungat ussatlarynyň menzil-mekany” diýip atlandyrmaklary ýöne ýerden däldir. Zehinli ussatlaryň el hünäriniň bize gelip ýeten nusgalary ýönekeý hem ajaýyplygy bilen göreni özüne bendi edýär. Ylmy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň birinji ýarymynda Garadepe kem-kemden boşap galýar.