logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gahryman Arkadagymyz “Euronews” teleýaýlymyna interwýu berdi
  08.03.2025
1955
Gahryman Arkadagymyz “Euronews” teleýaýlymyna interwýu berdi

2025-nji ýylyň 6-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna beren ýörite interwýusynda Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasy ugurlary barada çykyş etdi.

 

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna berk ygrarlydygyny nygtady we ýurduň halkara gatnaşyklaryndaky baş ýörelgelerini beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz parahatçylykly diplomatiýanyň, halkara hukugyna hormat goýmagyň we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

 

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklarynda energiýa we söwda hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

 

Bu söhbetdeşlik dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň güwäsidir.

 

Orazbagt ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.