logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady
  10.09.2025
4476
Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň 34 ýyllygy ýurdumyz üçin aýratyn taryhy we syýasy ähmiýete eýedir. 1991-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun bilen ýurdumyzyň özygtyýarlylygy dünýä yglan edildi. Şondan bäri döwletimiz ösüşleriň täze tapgyrlaryny başdan geçirýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda ösüşleri üstünlikli dowam edýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, täze şäherleriň gurulmagy, ykdysadyýetiň ösdürilmegi Garaşsyzlygyň beýik miweleridir.

 

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlatan giň gerimli özgertmeleri halkyň abadançylygyny üpjün etmäge, döwletiň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Türkmenistan senagat taýdan ösýän, halkara ulag geçelgelerini döreden, kosmos giňişligini özleşdirýän döwlete öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, täze gurulan Arkadag şäheri bolsa ýaşlaryň geljegine niýetlenen beýik taslama hökmünde tanalýar.

 

Şu gün Garaşsyzlyk diňe bir döwletimiziň syýasy garaşsyzlygyny däl, eýsem halkymyzyň ruhy, medeni ösüşini hem alamatlandyrýar. Garaşsyzlygyň ýyllarynda milli gymmatlyklarymyzyň dikeldilmegi, ynsanperwer däplerimiziň dowam etdirilmegi, ykdysadyýetiň we jemgyýetçiligiň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler onuň taryhy ähmiýetini subut edýär.

 

Leýli Mommyýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.