logo

Latest news:
✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦
Home / Society /Geçen ýyllar bagt getirdi ilime, täze ýylda ýene bagta garaşýas!
  16.12.2022
1095
Geçen ýyllar bagt getirdi ilime, täze ýylda ýene bagta garaşýas!

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik baýramlaryň biri. Sebäbi, Täze ýyl baýramy adamlaryň kalbyna nur paýlap, olary uly umyt-arzuwlara atarýar. Täze ýyl baýramy örän uly baýramçylyk bolmak bilen, bu baýram dünýäniň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhuna beslenip, bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk esasan, maşgala baýramy hökmünde görülýär. Onuň şanyna uly saçak ýazylyp, onda dürli naz-nygmatlar goýulýar, süýji tagamlar taýýarlanylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrdy. Şanly ýylymyzyň guwançly we buýsançly wakalara baý bolandygynam ýatlamak Täze — 2023-nji ýylyň bosagasynda kalbymyza nur çaýýar. Tamamlanyp barýan ýylymyzyň ýeňişli menzillerine ser salmak Täze ýylymyzyň belent sepgitleriň ýyly bolup, isleg-arzuwlarymyzyň hasyl boljakdygyna ynam döredýär.

Köne ýyly ugradyp, täze ýyly garşylaýan adamlar amala aşyrylan işlere ser salyp, ýatdan çykmajak wakalara buýsanyp, öňde duran beýik maksatlary amal etmäge ruhlanýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ata mekanymyzy uly-uly zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere ýetirjek täze 2023-nji ýyly ähli halkymyz uly umyt-arzuw bilen garşy alar.

Goý, ähli ynsanlar gussalaryny, öýke-kinelerini köne ýylda goýup, täze ýyla täze ädim, şatlyk bilen ätlesinler. 2023-nji ýyl hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlyk etmeginde 2022-nji ýylymyz ýaly taryhy wakalara baý bolsun!

Täze ýylyňyz düşümli ýyl bolsun, eziz adamlar! 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.