logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilerler
  30.11.2022
1128
Giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilerler

Şu gün  «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Şoňa laýyklykda, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna goşmaça girizildi. Şeýlelik-de, 19-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bent goşuldy: 

«Umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere». 

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasy «Raýatlary harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek» diýip atlandyrylýar. Goşmaça girizilen bent degişli raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmegi göz öňünde tutulýar.