logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy
  04.09.2025
2809
Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimlerden ugur alan ata-babalarymyz her bir işe geňeşip girişipdirler. Şonuň ýaly-da, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzda Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu ýagşy ýörelgäniň dowamydyr we beýik geljegimizi nusgalyk döwlet ýörelgeleri esasynda gurýandygymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Halk Maslahaty jebisligiň, agzybirligiň we adalatlylygyň nyşanydyr.

 

Türkmen jemgyýetinde agzybirligiň, jebisligiň berkidilmegi, milli demokratiýanyň ösdürilmegi hem-de taryhy ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary we beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr.

 

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda möhüm sahypa bolup galar hem-de «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň esasynda halkymyza daýanyp, halkyň bähbidine amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasata täze itergi berer.

 

Begenç ROZYÝEW,

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli
konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby.