logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Halkara awtoulagly ýöriş Türkmenistanyň çäginden geçer!
  11.04.2023
883
Halkara awtoulagly ýöriş Türkmenistanyň çäginden geçer!

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldaw bermeginde Ýolçularyň hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan «Dostluk kerweni» atly iki hepdelik halkara awtoulagly ýöriş Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Ermenistanyň çäginden geçer.

Gatnaşyjylar iki hepdede 4000 km deň bolan ýoly geçerler. Ýöriş 24-nji aprelde Duşenbeden başlap, 10-njy maýda tamamlanar.

Halkara awtoulagly ýörişe gatnaşyjylar Aýni—Penjikent—Täjigistanyň Özbegistan bilen araçägi- Samarkant— Nawoýi—Buhara— Özbegistanyň Türkmenistan bilen araçägi— Türkmenabat—Mary—Aşgabat—Türkmenistanyň Eýran bilen araçägi—Maşat—Tus—Nişapur—Gorgan—Sori—Tähran—Tebriz—Eýranyň Ermenistan bilen araçägi—Megri—Kapan—Ýerewan ugurlary boýunça hereket ederler.

Ýörişiň barşynda Duşenbe, Samarkand, Aşgabat, Tähran we Ýerewan ýaly şäherlerde ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara ylmy-amaly maslahatlar we seminarlar geçiriler.

Ýeri gelende belläp geçsek, halkara awtoulagly ýörişiň gatnaşyjylaryny kuboklar, medallar, diplomlar, hormat hatlary, şeýle hem Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň sylaglary we halkara awtoulagly ýörişini goldaýan jemgyýetçilik, pudaklaýyn guramalaryň, edaralaryň beýleki sylaglary bilen sylaglarlar. 

 

Yhlas HOJAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.