logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli söwda nokatlary guralar
  26.11.2022
1057
Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli söwda nokatlary guralar

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilýän azykdyr beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.