logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Halkara habarlar merkezi Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşer
  06.12.2022
1172
Halkara habarlar merkezi Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşer

Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Türkmenistanyň halkara habarlar işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi.

Mälim bolşy ýaly dünýäniň maglumat giňişliginde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň esasy habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şu maksat bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär.

Merkeziň esasy wezipesi ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga görnüşli dokumental filmleri, wideogörnüşleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden we beýlekilerden ybarat bolar.

Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ugurdaş bölümlerden ybarat bolan täze merkezi Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.