logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti
  21.02.2025
1180
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti

Gün-günden gözelleşýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlarda ösüşler we özgerişler​ gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem barha üstünliklere beslenýär. Watanymyzyň taryhynda şu 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy uly ähmiýete eýedir.


Biziň Türkmenistan Watanymyz 1995-nji ýylda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda özüniň Bitaraplygyny gazandy. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 192 döwletiň ses bermeginde Eziz Watanymyz ikinji gezek Bitaraplyk derejesini gazandy. Ýurdumyzyň Bitaraplygy – baky Bitaraplyk, ýagny, hemişelik Bitaraplykdyr. Ynha şu ýyl, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda nesip edenden Türkmenistan döwletimiziň hemişelik bitaraplygyna doly 30 ýyl dolýar.


Watanymyz tutuş dünýäde ýeke-täk ykrar edilen Bitarap döwletdir. Ýurdumyz daşary döwletleriň uruş-dawasyna, jenjeline goşulmaýar. Sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk syýasatyny öňe sürýär. Merkezi paýtagt şäherimiz – sebitde ylalaşdyryjy merkezdir.


Döwletimiz tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly üçin ýörite nyşan tassyklanyp, bu nyşandaky kepderi şekilleri parahatsöýüjiligi​ aňladýar. Parahatçylyk bolan ýerde birek-birege söýgi, hormat, ynam döreýär. Ýylyň şygary bilen baglanyşykly möhüm medeni çäreler köpçülik ýerlerinde, jemgyýetçilik edara-guramalarynda giňden dabaralanýar. Bu hem bolsa Watanymyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.


Türkmen halkynyň parahat, erkana durmuşda ýaşamagy üçin giň tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlyk bildirýäris! Goý, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!


Şöhrat BERDIÝEW
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň
patologik anatomiýa kafedrasynyň
mugallymy