logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Halkara tennis federasiýasy Türkmenistana ygtyýarly okuw merkezi bolmaga resmi taýdan ygtyýar berdi
  10.11.2022
1240
Halkara tennis federasiýasy Türkmenistana ygtyýarly okuw merkezi bolmaga resmi taýdan ygtyýar berdi

Halkara tennis federasiýasy (ITF) Türkmenistana ygtyýarly okuw merkezi bolmaga resmi taýdan ygtyýar berdi. Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggertiniň we ITF-iň ýerine ýetiriji direktory Luka Santiliniň gol çeken degişli şahadatnamasy Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna (TTF) gelip gowuşdy.

Resminama Halkara tennis federasiýasy bilen ylalaşyp, her ýyl tälimçiler üçin okuwlary guramaga, milli tälimçileri hünär synagyndan geçirmäge we degişli şahadatnama bermäge hem-de resminamalarda ITF logotipini ulanmaga hukuk berýär.